Döwlet Etalon Merkeziniň
kärhanasynyň taryhy

Çuňňur Hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän zamanasynda, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda metrologiýa ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda çykaran 11824-nji karary esasynda «Total Inşaat Sanayi we Ticaret Limited Şirketi» türk kompaniýasy tarapyndan Döwlet etalon merkeziniň binasy guruldy we Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermeginde 2013-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda ulanyşa berildi. Şonuň bilen birlikde milli etalon binýadynyň döredilmegine we ösdürilmegine, milli ölçegler ulgamynyň halkara talaplary esasynda kämilleşdirilmegine tarap ilkinji uly ädim ädildi. Milli etalon binýadynyň döredilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň esasy maksady bolsa ykdysadyýetiň halk hojalyk we önümçilik pudaklarynda ulanylýan ölçeg serişdeleriň takyklygyna bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Döwletimiziň milli etalon binýady ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ulanylýan ölçeg serişdeleriniň ýokary takyklygyny üpjün etjek 17 görnüş ölçegler boýunça etalonlardan we nusgalyk synag enjamlaryndan ybarat bolup, ölçegleriň ýokary takyklyklaryny özünde jemleýär.

Döwlet etalon merkeziniň binasynyň umumy meýdany 25 500 inedördül metre deň bolup, bu bina ak mermerli şäherimiz bolan Aşgabadyň gözelligine görk goşmak bilen beýleki binalardan özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Etalonlary we nusgalyk synag enjamlary ýerleşdirmek üçin niýetlenen otaglarda ýokary takyklykdaky ölçeg serişdelerini saklamagyň ýörite şertleri üpjün edilendir. Gerekli howa we çyglylyk derejeleri, päsgelden goraýjylyk, titreme, elektriki akymyň izolýasiýasy, seýsmiki durnuklylyk ýaly şertler, şular ýaly binalara bildirilýän halkara talaplara laýyklykda üpjün edilendir. Döwlet etalonlaryny ýerleşdirmek we saklamak üçin otaglar aýratynlykda gurlan bolup, binanyň esasy gurluşy bilen baglanşykly bolmadyk iki gat diwardan ybarat bolan «termos» görnüşinde taslanyp ýerine ýetirilendir. Binada sesi özüne siňdirýän gurluşyk serişdeleri ulanmak bilen daşky seslerden goraýan iki örtükli diwar we ýörite penjireler goýulan. Elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmek üçin bina awtomatik usulda işleýän ýokary kuwwatly dizel – elektrik bekedi bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa etalonlaryň kadaly ölçeglerini saklamaga mümkinçilik döredýär.

Taslamanyň gurluşyk işlerine gözegçilik Germaniýa Federatiw Respublikasynyň maslahat beriji «TÜV Rheinland Industrie Service GmbH» kompaniýasy, etalonlaryň we nusgalyk synag enjamlarynyň satyn alynmagyna hem-de olaryň gurnama işlerine gözegçilik bolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň maslahat beriji «PTB» Federal fıziki-tehniki institutynyň bilermenleri bilen bilelikde amala aşyryldy. Netijede «TÜV Rheinland Industrie Service GmbH» kompaniýasy tarapyndan bu taslamanyň halkara kadalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi barada gutarnykly netijenama we binanyň gurluşyk we inžener-tehniki talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara sertifikaty resmileşdirilip berildi.