Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz iri möçberli gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine geldi.

Häzir Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesi hem barha ýokarlanýar.

Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrýar. Raýatlaryň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň barşynda bu ýerde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň guruljak ýerine geldi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazowyň alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu maksatlardan hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alnyp, halkara ölçeglere kybap gelýän, iň täze tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr sagaldyş merkezleri, orta mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesilleriň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda ýörite haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredileni bäri ençeme haýyrly işler ýerine ýetirildi. Şol işleriň hatarynda bu gaznadan welaýatlaryň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berlendigini, mätäç çagalara lukmançylyk operasiýasyny geçirmekde kömek edilendigini we beýlekileri ýatlamak bolar.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde üpjün edilýän mümkinçilikler häzirki döwrüň ösen talaplaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna laýyk gelmelidir. Bu ýerde çagalaryň dynç almaklary bilen bir hatarda, olaryň höwes edýän hünärleriniň endiklerini ele almagyna ýardam berýän ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologiýa we halkymyzyň milli bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryňdyr desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda onuň häzirki zaman üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan desgalara aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow milli Liderimizi bu ýerde bina edilýän durmuş we beýleki maksatly desgalaryň taslamalary, şol sanda Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň toplumynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy. Şekil taslamalarynda merkeziň dolandyryş binasy, saglyk nokady, onuň otaglarynyň içki görnüşleri, 2 gatly 20 orunlyk awtoduralga we onuň ýerleşjek ýeri görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekil taslamasy bilen tanyşdy. Taslamany düzüjiler ony şu ýerden uzak bolmadyk ýerde ýerleşen, halkymyzyň gadymy taryhy ýadygärlikleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Paryzdepäniň mysalynda taýýarlapdyrlar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna beýikligi 115 metr boljak Baýdak sütüniniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, şol sanda guruljak duralgalaryň, olaryň içinde oturdyljak oturgyçlaryň, yşyklandyryjylaryň, ulanyljak içki bezeg serişdeleriniň, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalary makullap, olar durmuşa geçirilende, ýokary hiliň üpjün edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerler, şol sanda olaryň ekologik ýagdaýy, seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki degişli görkezijileri alymlar tarapyndan içgin öwrenildi. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

Baş meýilnama laýyklykda, bu ýerde Döwlet sirki hem bina ediler. Şekil taslamalarynda bu desganyň eýwanynyň, içki bezeginiň dürli görnüşleri görkezildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew bu ýerde bina edilmegi meýilleşdirilen dürli täze gurluşyklaryň şekil taslamalaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, käbir belliklerini we düzedişlerini girizdi. Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny nygtamak bilen, bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, hususy ulgamy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekdi. Ahal welaýatynyň täze merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýar. Şu tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtady. Şeýlelikde, munuň özi smart siti — adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly “akylly” şäher bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

“Akylly” şäheriň konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygyny bellemek gerek. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologik ulgam döredilýär. Bu konsepsiýa tutuş ulgamlary özüne birleşdirýär. Mysal üçin, “akylly” jaýlar, bitewi maglumatlar binýady hem-de köpugurly şäher goşundysy ýaly ulgamlary öz içine alýar. Şolar ýaşaýjylara tölegleri amala aşyrmaga, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýat merkeziniň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak baradaky meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýolbaşçylara degişli teklipleriň üstünde işlemek tabşyryldy.

Şeýlelikde, nesip bolsa, ýakyn wagtda gözel Köpetdagyň eteginde ähli şertleri bolan, lowurdap duran täze, döwrebap ajaýyp şäher dörär. Ol bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ösüşiniň nobatdaky aýdyň nyşany bolup, ähli türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüler.


Beýleki habarlar:

Card image cap
05.12.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze sepgitl...

Döwlet we halkara derejesindäki birnäçe wakalary özü...

Giňişleýin >
Card image cap
03.12.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlis...

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhame...

Giňişleýin >
Card image cap
02.12.2021
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly...

Giňişleýin >