Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Diplomat duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iberen iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Hytaýyň Hökümetiniň dünýä ykdysadyýeti üçin häzirki çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň durnukly depginlerini saklaýan, döwrüň wajyp meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşmeleri görkezýän Türkmenistan bilen ählitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagtyýarlyk hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolup çykyş edýän Hytaý bilen däp bolan gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda şu ýylyň maý aýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlige üns çekildi. Şonda iki ýurduň Liderleri soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini we bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline HHR-iň Başlygy Si Szinpine ýollaýan hatyny berdi. Şol hatda milli Liderimiz strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki wagtda dürli ugurlarda ösdürilýändigini hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Hytaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň ähmiýetini nygtap, onuň jemleriniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda BMG-niň gün tertibiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň hem-de beýleki köp sanly hyzmatdaşlaryň goldamagynda 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilendigini ýatlatdy. Şol duşuşyk şeýle forumlary geçirmegiň esasyny goýdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegini guramagy maksat edinýändigini nygtady.

Bu gün Hytaý hem-de Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryň has oňaýly ýörelgesini işläp taýýarladylar. Şol ýörelge taraplaryň her biriniň milli bähbitlerini we Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostlukly hem-de ýokary derejede ynanyşmak gatnaşyklary baglanyşdyran türkmen we hytaý halklarynyň özboluşlylygyny nazarda tutup, öňde durýan wezipeleriň ýakynlygyny utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzir bu ýol döwrebap derejede, hil taýdan täze görnüşde gaýtadan dikeldilýär.

Iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň beýleki möhüm ugurlarynda, hususan-da, ulag-aragatnaşyk toplumynda, energetika, dokma, himiýa pudaklarynda, azyk senagatynda, obasenagat toplumynda, saglygy goraýyşda, maglumat, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hem-de geljegi has uly görünýän beýleki birnäçe ugurlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge gyzyklanmalar beýan edildi.

Ilçi bütin dünýäden mümkinçiligi uly maýadarlaryň we kompaniýalaryň ýyl-ýyldan barha köp sanlysyny özüne çekýän geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hytaý işewürliginiň içgin gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ugurda berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň işine hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam edýän ikitaraplaýyn işewürlik maslahatlaryna uly orun berilýär.

Ynsanperwer ulgam gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Diplomat türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy baradaky meselelere uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň arasynda ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda özüniň tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.


Beýleki habarlar:

Card image cap
05.12.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze sepgitl...

Döwlet we halkara derejesindäki birnäçe wakalary özü...

Giňişleýin >
Card image cap
03.12.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlis...

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhame...

Giňişleýin >
Card image cap
02.12.2021
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly...

Giňişleýin >